Ýakynda Türkmenistanyň sambo boýunça
milli ýygyndysynyň wekilleri Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik
ýygnanyşygyny geçirip, onuň çäklerinde dostlukly döwletiň Prezidentiniň
kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşa-da gatnaşdylar.
28-nji gezek geçirilen halkara ýaryşa
Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Germaniýadan, Gazagystandan,
Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Russiýadan, Täjigistandan we Türkmenistandan
türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Şolaryň 37-si türkmenistanly
samboçylardyr.
Ýeri gelende bellesek, bu ýaryşda ildeşlerimiziň dördüsi çempion bolmagy başardy. Has takygy, Möminjan Arzykulow, Maksat Annagylyjow, Agasapar Muhadow, Suwhan Öwezgeldiýew dagy Döwlet baýdagymyzy ýeňiş münberinde parlatmagy başardylar.
Türgenler iki günläp bu oýnuň iki görnüşi boýunça medallaryň 21 toplumy üçin göreşdiler. Olar abraýly ýaryşda dürli derejeli medallaryň 15-sini gazanyp, toparlaýyn hasapda üçünji orna mynasyp boldular.