23.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň Aziýa çempionatyndaky üstünlikleri
Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň Aziýa çempionatyndaky üstünlikleri
14.02.2024 1065 Sport

Özbegistanda geçirilen Aziýanyň çempionaty türkmenistanly agyr atletikaçylaryň halkara tejribesini artdyrdy.

Yklym ýaryşyna ýurdumyzyň iň güýçli agyr atletikaçylary gatnaşyp, olardan Gaýgysyz Töräýew we Änamjan Rustamowa medallara mynasyp boldy.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Gaýgysyz Töräýew 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medal gazandy. Onuň ýaryşda kiçi bürünç medalyň hem birini gazanandygyny aýtmak gerek.

Birnäçe ýyldan bäri halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny gorap gelýän Änamjan Rustamowa kiçi bürünç medalyň eýesi boldy. Ol ştangany silterläp götermek boýunça 105 kilogramlyk netije görkezip, üçünji orny eýeledi. Ol geçen ýyl hem yklym çempionatynda kiçi bürünç medal gazanypdy.

Şeýlelikde, türkmenistanly agyr atletikaçylar goňşy döwletde geçirilen yklym çempionatyny bir bürünç medal we iki sany kiçi bürünç medal bilen tamamladylar.