Düýn – 28-nji
aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly
sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri
ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet Baştutanymyz
hormatly myhman Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam
Minnihanow bilen bilelikde dürli tilsimleri, çeýeligini we ussatlygyny
görkezýän pälwanlaryň göreşini synlady. Soňra Halkara ahalteke atçylyk sport
toplumynda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde
geçirilýän baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi.
Belläp geçsek,
dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi we olara bedewleriň
onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler. Türkmenistanyň
Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga
geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke
atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy.
Soňra baýramçylyk
at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş
bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň
ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat
bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Ýeňijileri
sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýerde baýramçylyk çäreleri dowam
etdi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, döredijilik toparlarynyň çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy.