milli goshun logo
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
17.05.2023 448 Habarlar

16-njy maýda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Mejlisde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Bu saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirmek bellenildi.

Mejlise Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryndan we toparyň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalaryndan başga-da, milli synçylar — Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hereket edýän Saýlaw kodeksine laýyklykda, 17-nji maýda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň başlanýandygyny yglan etmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň dürli ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyna seredildi. Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygy bilen baglylykda, geçiriljek çäreleriň ähmiýeti bellenildi.

Guramaçylyk işiniň barşy, şol sanda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça degişli saýlaw toparlarynyň düzümini düzmek we saýlaw okruglarynyň 5-sini döretmek baradaky maglumatlar diňlenildi. Merkezi topar ýokarda ady agzalan saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Saýlaw toparlary üçin gollanmalara we beýleki degişli resminamalara seredildi hem-de tassyklanyldy.