Düýn – 14-nji
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny
kabul etdi.
Milli parlamentiň
ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli diplomatik wezipä
bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Mejlisiň
düzümi, onuň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň
çäklerinde alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen
baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara
hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola
goýmak teklibi beýan edildi.
Panama
Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou
Noad ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan
dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin öz tejribesini hem-de
bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.