17-nji dekabrda Türkmenistanyň
Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk.
Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý
gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar.
Ilat ýazuwynyň esasy wezipesi
ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk
maglumatlary almakdan ybaratdyr, şeýle maglumatlar döwlet syýasatyny işläp
taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Ilatyň sanynyň bölünişi hem-de häsiýetnamalary baradaky maglumatlar
döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi, abadançylygy we halkymyzyň durmuş
derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.
Raýatlaryň ilat ýazuwyna gatnaşmaklary meýletinlik ýörelgesine esaslanýar, emma şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy bu çäräniň jemgyýetçilik ähmiýetine anyk düşünmelidir, raýat jogapkärçiligini duýmalydyr.