milli goshun logo
Türkmenistanda Geomaglumatlar merkezi dörediler
Türkmenistanda Geomaglumatlar merkezi dörediler
15.08.2020 661 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Geomaglumatlar merkezini döretmek, şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işe paýtagtymyz Aşgabat şäherinden başlamak gerek. Inžener ulgamlary, binalar we ýer bölekleri hem sanlaşdyrylmalydyr, şäheriň 3D nusgasyny döretmek boýunça işler alnyp barylmalydyr.

Geomaglumatlar merkeziniň döredilmegi inžener ulgamlaryna düşýän agramy kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şäher gurluşyk işlerini çaklamaga hem-de modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi şeýle hem ýer böleklerini aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny ýüze çykarmakda we beýleki işleri geçirmäge şert döreder diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Öwezowe bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.