milli goshun logo
Türkmenistan ýokary hilli sementiň öndürilýän mukdaryny artdyrýar
Türkmenistan ýokary hilli sementiň öndürilýän mukdaryny artdyrýar
02.05.2020 921 Habarlar

1-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýew Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynda sementiň täze görnüşlerini öndürmek barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurluşyk serişdeleriniň esasy görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de çykarylýan önümiň görnüşlerini giňeltmek barada beren görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde sementiň önümçiliginde aktiw mineral goşundylaryny ulanmak boýunça netijeli çäreleri gördi.

Häzirki wagtda eýýäm 400-G20-K görnüşli portlandsement öndürilýär. Mundan başga-da, 500-G20-K görnüşli sementiň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu önümçilik üçin zerur bolan aktiw mineral goşundybazalt porfiritleri Balkan kän müdirliginiň hasabynda duran «Ufra» ýatagyndaky dag jynslaryndan alynýar. Bu minerallar fiziki-himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement çykarmaga mümkinçilik berýär. Sementiň ýokarda agzalan görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy zawodlarda ýokary hilli sementiň öndürilýän mukdaryny 20 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.