25-nji iýunda Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki
Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa
Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depgini nygtaldy.
Syýasy-diplomatik we ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini nygtap,
taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns
berdiler. Koronawirus pandemiýasynyň durmuş-ykdysady taýdan zyýanly
täsirlerini belläp, taraplar bu ýagdaýy ýeňip geçmekde ylmy, tehnologiki we
maglumat serişdeleriniň alşylmagy barada ylalaşdylar.
Şeýle hem, taraplar bilim we saglygy goraýyş pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmegi barada pikir alyşdylar. Ekologiýa, oba hojalygy we maliýe
ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalara we taslamalara seredildi.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň milli we sebitleýin taslamalaryň
çäklerinde köp ýyllarynyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri
nygtaldy.