21-nji oktýabrda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, energetika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
ÝB-niň tarapyndan duşuşyga Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça müdirliginiň direktory Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Özara hereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.