Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli
gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Türkiýe
Respublikasynda bolup geçen tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna,
şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp,
2023-nji ýylyň fewral aýynda dostlukly türk halkyna ynsanperwerlik kömegini
bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Dokma
senagaty ministrligine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de
harydy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek
tabşyryldy.
Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň fewral
aýynda Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we
gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmäge borçly edildi.