7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli
ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna
ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş
maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä
lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan
ýardamy bererler.
Biziň ýurdumyz halkymyzyň özboluşly milliligine mahsus
bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, tebigy
betbagtçylyk baradaky habara dessin seslenip, taryhy kökleriň, medeni we ruhy
gymmatlyklaryň köpasyrlyk umumylygy birleşdirýän doganlyk halk üçin
ynsanperwerlik kömegini ugratdy. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň
dikeldilýän günlerinde berilýän goldaw hem-de şeýle çözgüdiň kabul edilmegi
Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň
nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.