Düýn – 4-nji
aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan
Respublikasyna ugrady.
Duşenbe Halkara
howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy
Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi
adamlar garşyladylar. Ýokary derejeli gepleşikleriň öňüsyrasynda Milli
Liderimiz Duşenbe şäheriniň «Dusti» meýdançasynda dabaraly ýagdaýda täjik
döwletini esaslandyryjy gahrymanyň ýadygärligine gül dessesini goýdy.
Soňra Gahryman
Arkadagymyzy «Kasri Millat» köşkler toplumynyň öňündäki meýdançada täjik Lideri
Emomali Rahmon mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi
surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, ikiçäk görnüşde ýokary derejeli
türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda
söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan
beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň Liderleri
döwrüň talaplary bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli
ykdysadyýetleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara
gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyga hil
taýdan täze itergi bermegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdylar.
Iki ýurduň halklarynyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň we
Täjigistanyň bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport
ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Sebit we
ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri-de
jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.