milli goshun logo
Türkmenistan – raýatsyzlygy aradan aýran ýurt
Türkmenistan – raýatsyzlygy aradan aýran ýurt
09.11.2024 157 Habarlar

Düýn – 8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.

Ynsanperwerligiň ýokary taglymlaryna, demokratik ösüşiň, häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan dünýäde raýatsyzlygyň soňuna çykan ýurtlaryň biri boldy. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy we Halkara Migrasiýa Guramasynyň agzasy bolan ýurdumyz bu meseläni çözmek boýunça köpugurly işleri alyp baryp, ählumumy başlangyçlarda işjeň strategik gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär. Netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde, bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýagdaýy bilen bagly meseleleri çözmekde, olaryň esasy hukuklaryny goramakda möhüm ähmiýete eýe bolan taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.