Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol
çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli
gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Pakistan
Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam
pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz
öňünde tutup, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda dostlukly pakistan halkyna
ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy
goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli
derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini
ynsanperwerlik kömegi hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermäge
borçly edildi.