220 kilowolt kuwwatly Türkmenistan – Owganystan elektrik geçirijisiniň türkmen bölegi işe girizilmäge doly taýyn. Bu barada elektrik geçirijiniň 260 kilometrlik bölegini guran türkmen telekeçilik guramalary habar berdiler. Bu işleri ýerine ýetirmegi olara maýa goýujy we baş potratçy «Çalik Enerji» türk kompaniýasy tabşyrdy.
Gurluşykçylar jemi oturdylmaly ýokary woltly daýanç sütünleriniň 876-syny öz möhletinde dikdiler we tutuş liniýa elektrik toguny çekdiler. Mundan ozal energetikler bu gurluşykda Mary DEES-den elektrik toguny alyp gaýdýan açyk paýlaýjy gurnawy giňeltmek işlerini geçirdiler.
Häzirki wagtda Serhetabatda 220/110/10 kilowolt kuwwatly kiçi transformator bekedi gurulýar. Gurluşyk işleri iş meýilnamasyna laýyklykda şu aýyň aýagyna çenli tamamlanar. Elektrik geçirijiniň Türkmen böleginde toguň iberilişiniň ygtybarly bolmagy üçin teledolandyryjy kommunikasiýa ulgamy ýola goýlar we halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap rele-goraýjy abzal oturdylar. 220 kilowolt kuwwatly Türkmenistan – Owganystan elektrik geçirijisini şu ýylyň awgust aýynda işe girizmek göz öňünde tutulýar.