milli goshun logo
Türkmenistan — melhemler mekany
Türkmenistan — melhemler mekany
23.07.2020 1363 Habarlar

3-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talaba laýyk derejede guramagy, şeýle hem zähmet rugsatlaryny «Arçmanda» ýa-da «Ýyly suwda» we ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç almak üçin ulanmagy maslahat berdi.

Adamlaryň saglygy hakynda aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz munuň şeýledigini iş ýüzündäki hereketleri bilen, şol sanda ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmek, dünýä syýahatçylygynda onuň ornuny giňeltmek boýunça işler bilen tassyklaýar.

Bu ugurda anyk çäreleriň amala aşyrylmagy, hususan-da, pudaga gönükdirilýän uly möçberdäki maliýe serişdeleri netijeli dynç alyş ulgamyny döretmäge hem-de raýatlarymyzyň oňaýly dynç almagyna ýardam edýär, bu bolsa, halkymyzyň saglygyna gös-göni maýa goýmak, ýagny, ýurdumyzyň adam maýasyna serişde goýmak bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz tutuş ýaşaýyş-durmuş we häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň medeniýet ulgamynyň hiliniň ýokarlandyrmagyna gönükdirilen saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde bu pudagyň öňünde möhüm wezipeleri goýýar, şunda saglygy dikeltmegiň we dynç almagyň, şeýle hem tebigy bejeriş serişdelerini peýdalanmak ulgamynda ylmy-barlaglaryň geçirilmeginde öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, şypahanalaryň işlerine täze guramaçylyk we dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipelerdir.