Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti
Katar Döwletine sapary amala aşyrdy.
Saparynyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň
açylyş dabarasyna gatnaşdy. «Diplomatiýa, dialog, dürlülik» şygary astynda
geçirilýän Doha forumy ählumumy meseleleriň netijeli çözgütlerini işläp
taýýarlamakda iri halkara platforma bolup durýar.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler
ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali
Al-Misned bilen duşuşdy.
Marýam bint Ali Al-Misned Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň alyp barýan işlerine, hususan-da, ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary
baha berdi.
Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa Türkmenistan
bilen Katar Döwletiniň arasynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda çaganyň saglygy we
terbiýesi bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekdi. Gaznanyň wise-prezidenti şu
ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman
jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp,
Marýam bint Ali Al-Misnedi bu maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara
hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň
zenanlaryň we çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe
boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň jemgyýetçilik ösüş
we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými bilen duşuşdy.
Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými gaznanyň
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, Katar Döwleti bilen
Türkmenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdi hem-de bu
duşuşygyň özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam
bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda
ösdürilýän, hususan-da, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini
belledi.
Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa pursatdan
peýdalanyp, Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaýmini şu ýylyň 10-njy dekabrynda
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde
zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege alyp barýan
işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Doha
şäherindäki Yslam sungaty muzeýine baryp gördi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Doha forumynyň çäklerinde «Täze
eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek» atly
tematiki sessiýa gatnaşdy. Öz çykyşynda Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, foruma
gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen
ajaýyp mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, ara alnyp maslahatlaşylýan
meseläniň häzirki wagtda tutuş adamzat üçin örän möhüm ähmiýetini belledi.
«Biz çagalarymyz üçin ýaşaýarys, geljekki nesilleriň
abadan durmuşy üçin döredýäris we gurýarys. Halkymyz we döwletimiz çagalar üçin
aýratyn alada edýär. Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly: «Bal süýji, baldan bala
süýji». «Çagalar biziň geljegimiz» diýlende, ýene bir nakyly göz öňünde
tutýarys: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz». Halk döredijiliginiň bu ajaýyp
pähimleri çagalar baradaky alada bilen ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine
jogapkärçilikli çemeleşmegiň özara baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, çagalar baradaky alada we olary terbiýelemegiň däpleri
ata-babalarymyzyň gadymy we baý mirasynyň hem-de halkymyzyň medeni
özboluşlylygynyň esasy bölegini düzýär” diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti aýtdy we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli maşgala
gymmatlyklaryny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda
hem-de ahlak taýdan terbiýelemäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Oguljahan Atabaýewanyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra mejlis sowal-jogap görnüşinde dowam etdi.
Alypbaryjy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
wise-prezidentinden çagalar bilen baglanyşykly haýsy wezipäni Türkmenistan üçin
strategik hasaplaýandygyny sorady.
— Çykyşymda beýan edilen ähli ugurlar Türkmenistan üçin
strategik häsiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, eneligi, çagalygy goramagy we
ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladany möhüm ugur hökmünde kesgitleýändigimizi
bellemek isleýärin. Olara maksatnamalaýyn garaýyş Türkmenistanyň ileri tutulýan
ugurlary bilen gabat gelýär. Bu ileri tutulýan ugurlar diňe milli syýasatyň
esasy ugry bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň özboluşlylygymyzyň kemala
gelmegi üçin hem möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, biziň berk garaýyşlarymyzy
nygtamak möhümdir, olaryň esasy mazmuny döwletiň maddy we intellektual
serişdelerini ösüp gelýän ýaş nesliň fiziki hem-de ruhy ösüşine goldaw bermek
üçin ulanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu maksada ýetmek üçin Türkmenistan giň
halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri we
beýleki halkara institutlar, şeýle hem dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we
sebit derejesinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Men şeýle maksatnamalaýyn çäreler
tagallalarymyzy birleşdirmäge, tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem
çagalaryň meselelerini çözmäge syýasy we diplomatik taýdan goldaw bermek,
serişdeleri netijeli peýdalanmak üçin şertleri döredýär diýip hasaplaýaryn —
diýip, Oguljahan Atabaýewa jogap berdi.
Soňra alypbaryjy haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan
işleri we onuň döredilmeginiň esasy maksady barada has giňişleýin gürrüň
bermegi haýyş etdi.
— Gaznamyz 2021-nji ýylyň 29-njy martynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Gaznanyň maksady milli ruhy-ahlak
gymmatlyklarymyza we ynsanperwerlik filosofiýasyna, halkymyzyň baý ruhy
mirasyna esaslanýar. Şu ýyl biz gaznanyň dört ýyllygyny belledik, bu waka
mynasybetli ýokary derejeli halkara maslahat geçirildi. Forumyň netijeleri
gaznanyň işleriniň diňe bir milli derejede däl-de, eýsem, giň halkara bileleşik
tarapyndan hem goldanylýandygyny görkezdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň binýady ynsanperwerlik,
goldaw bermek we raýdaşlyk ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Şol bir wagtyň
özünde, umumadamzat gymmatlyklary, parahatçylyk, rehimdarlyk we adalatlylyk
taglymlary biziň ileri tutýan ugurlarymyz we esasy ýörelgelerimizdir. Şunuň
bilen baglylykda, gaznanyň alyp barýan işleri çagalara goldaw bermek, olaryň
hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek
boýunça anyk maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Gürrüň lukmançylyk kömegi, ýokary hilli bilime elýeterlilik, sagdyn
iýmitlenmek, ekologiýa abadançylygy we başga-da köp ugurlar barada barýar. Bu
toplumlaýyn wezipedir. Haýyr-sahawat gaznasy bu wezipäni ýerine ýetirmekde
ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Gaznamyz bu ugurda döwlet syýasatynyň durmuşa
geçirilmegine işjeň gatnaşýar — diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa saparyň çäklerinde Katar Döwletiniň bilim
we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater bilen duşuşdy.
Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater türkmen myhmanyny
mähirli mübärekläp, halklarymyzyň geljegi üçin möhüm ähmiýeti bolan meseleleri
— çagalaryň abadançylygyny we olaryň ösüşinde bilimiň ornuny ara alyp maslahatlaşmak
maksadynda Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny
belledi.
Gaznanyň wise-prezidenti duşuşmaga döredilen mümkinçilik
hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen
Katar Döwletiniň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda, şol
sanda bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ähli derejelerde bilimi
ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamyna sanly we maglumat-aragatnaşyk
tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň bilim edaralary döwrebap
multimedia we beýleki zerur enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Şunuň bilen
baglylykda, Oguljahan Atabaýewa gaznanyň tejribe alyşmaga we çagalaryň
abadançylygy üçin islendik netijeli başlangyçlara açykdygyny tassyklady hem-de
pursatdan peýdalanyp, katar tarapyny şu ýylyň 10-njy dekabrynda “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny:
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek»
atly halkara maslahata çagyrdy.
Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater çakylyk üçin
hoşallyk bildirip, haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer işine ýokary baha berdi
hem-de şu günki duşuşygyň çagalaryň röwşen geljegini üpjün etmäge gönükdirilen
uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup hyzmat etjekdigine
ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi
boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen duşuşdy.
Şeýha Moza bint Naser Oguljahan Atabaýewany mähirli
mübärekläp, Katarda Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha
berilýändigini belledi hem-de türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň bu
gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan
Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin
tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasy ösüp gelýän ýaş nesle, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda
düşen, çylşyrymly durmuş ýagdaýyna sezewar bolan çagalara lukmançylyk we durmuş
kömegini berýär. Şeýle hem gazna halkara derejedäki ynsanperwerlik işine
aýratyn ähmiýet berýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna
Russiýadaky, Türkiýedäki, Owganystandaky, Palestinadaky, Täjigistandaky we
beýleki ýurtlardaky çagalara ynsanperwerlik kömegi iberildi. Şu ýyl bolsa
gaznanyň halkara işi täze derejä çykarylyp, bu işi dünýäniň ähli çagalarynyň
bähbidine gönükdirmek mümkinçiligine seredilýär.
Oguljahan Atabaýewa Katar gaznasynyň bilim ulgamyndaky
taslamalaryna ýokary baha berip, bilimiň we ylmyň jemgyýet ösüşiniň esasy
binýady bolup durýandygyny, şoňa görä-de, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu
ugurdaky tekliplere we başlangyçlara açykdygyny belledi hem-de pursatdan
peýdalanyp, Katar Döwletiniň wekiliýetini şu ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň
orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny
ösdürmek» atly halkara maslahata çagyrdy.
Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser çakylyk
üçin hoşallyk bildirip, gender deňliginiň üpjün edilmeginiň durnukly ösýän
jemgyýetiň esasy alamatlarynyň biridigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa we Şeýha Moza bint
Naser çagalaryň bähbidine netijeli dialogy dowam etmäge taýýardyklaryny
tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kataryň «Sidra»
saglyk merkezine hem baryp gördi.