milli goshun logo
Türkmenistan — Gruziýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk berkidilýär
Türkmenistan — Gruziýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk berkidilýär
03.04.2020 1170 Habarlar

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen maslahatyň barşynda iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine türkmen-gruzin gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy hem-de dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň bähbitleriniň umumylygy Hazar we Gara deňiz sebitleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça Lazurit ulag geçelgesiniň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitara derejede goşulyşmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edip, tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, wideokonferensiýanyň barşynda ulag-üstaşyr ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Taraplar “Hazar deňzi — Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge üns berdiler we logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny bellediler.