31-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran
Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn — 30-njy maýda Tähranda
Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy
boldy. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly
ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň meseleleriniň tutuş toplumy girizildi.
Geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň däp bolan
dostlukly döwletara dialoga berk ygrarlydyklaryny görkezdi. Duşuşygyň jemleri
boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalar toplumyna gol çekildi,
Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Jarnamada iki dostlukly goňşy ýurduň geljekde-de
ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalary
tassyklanylýar.
31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň
çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň «Mapna Group» senagat
toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy
toplumyň ýolbaşçylary we wekilleri tüýs ýürekden mübärekläp, Türkmenistan bilen
özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi
bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň
Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda döwletleri hem-de olaryň
halklaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigine üns
çekildi. Üýtgewsiz erk-islege daýanýan gatnaşyklar özara ynanyşykly, deňhukukly
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki
duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin
ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine hem-de oňa täze kuwwat berjekdigine
ynam bildirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy iş saparyny tamamlap, Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa
menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.