22-nji iýulda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň
Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda
Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň
dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy
hakyndaky ýüzlenmä seredildi.
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna
synçy hökmünde gatnaşmak boýunça ýüzlenmesine seredilmegi mynasybetli ýörite
dabara gurnaldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň
hökümetiniň adyndan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Baş Geňeşiň gatnaşyjylaryna
Gurama goşulyşmak işiniň başlangyçlary, hususan-da Türkmenistanyň daşary
ykdysady işini durmuşa geçirmegiň täzeçil syýasaty barada gürrüň berdi. Bu
ugurda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar
üçin Maksatnamasynyň” wajyp resminama bolup durýandygy barada bellenip geçildi.
Geçirilen maslahatlaşmalardan soňra, BSG-niň
Baş Geňeşine gatnaşyjy döwletler Türkmenistana BSG-niň synçysy derejesini
bermek baradaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.