Düýn – 3-nji maýda Daşary işler
ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy»
strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama
laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy.
Birinji sessiýanyň dowamynda
«Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk
etmegiň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak
boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada
taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki
taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri
döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki
hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.
Mejlisiň dowamynda «Türkmenistan bilen
BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 – 2030-njy
ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça «Ýol kartasy»
tassyklanyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, «ýaşyl»
energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça 8 sany taslama seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda daşky gurşawy
goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlara degişli birnäçe
resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.