milli goshun logo
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşar
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşar
07.09.2019 436 Habarlar

6-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 17-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bütindünýä forumyň gün tertibine syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň ençemesi giriziler.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary barada hasabat berdi. Şolar bolsa «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini halkara derejede ösdürmek baradaky başlangyjyny öňe sürmek maksady bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde 2021-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamanyň taslamasyny teklip eder.