10-njy
iýunda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa
Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden
döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Bu
sapar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk,
deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli
döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda
nobatdaky ädim boldy.
Hormatly
Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, «Wnukowo-2» Halkara
howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli
Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy,
Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Bu
ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormat garawulynyň
serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Türkmenistanyň we Russiýa
Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Dabara Moskwa şäherine bir
gün öň gelen ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti hem gatnaşdy. Resmi garşylanyş
çäresi Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar.
Günüň
birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne bardy. Bu ýerde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Türkmenistanyň hem-de Russiýa
Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen dostlukly salamlaşyp, iki ýurduň
Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra
ýokary derejede ikiçäk görnüşdäki türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.