milli goshun logo
Türkmenistan bilen RF-nyň Astrahan oblastynyň arasyndaky eksport-import mümkinçilikleri boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmenistan bilen RF-nyň Astrahan oblastynyň arasyndaky eksport-import mümkinçilikleri boýunça gepleşikler geçirildi
03.07.2020 640 Habarlar

2-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň «Astrahan söwda-senagat palatasy» birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn eksport-import dolanşygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklere Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşiklere gatnaşyjylar türkmen önümleriniň - dokma harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň Astrahan oblastyna iberilmegi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.