milli goshun logo
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap rus we gruzin dillerinde çapdan çykdy
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap rus we gruzin dillerinde çapdan çykdy
07.12.2020 797 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň dürli dillerine terjime edilip daşary döwletlerde-de hem giň meşhurlyga eýe boldy. 

Ine, ýakynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň umumydünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän eseriň rus diline terjime edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy.

Täze neşir «ARETI» kompaniýasynyň ýardam etmeginde çap edildi hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna neşir edildi.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gruzin dilinde çap edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda guraldy. Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çärä Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.