milli goshun logo
Türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpanyň nyşany
Türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpanyň nyşany
09.03.2024 357 Habarlar

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýaz güllerine meňzeş mähriban gelin-gyzlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Buýsanç bilen belläp geçsek, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Şypaly şaýolunda biri 4 gatly, 24 öýli, beýlekisi 4 gatly, 32 öýli jaýlaryň birbada ikisi, Daşoguz şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda demir ýol işgärleri üçin her biri 16 öýli, 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi, Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesinde her biri 24 öýli, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi, Balkanabat şäherinde her biri 40 hojalyga niýetlenilen dört gatly, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýynyň ikisi, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň gözel künjeginde 4 gatly, 64 öýli ýaşaýyş jaýy açylyp, bagtyýar maşgalalaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Döwrebap şertleri, ähli amatly mümkinçilikleri özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralarynda çykyş edenler 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz barada edilýän şeýle aladalar üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini aýtdylar.