«Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylmy-edebi jemgyýetçilik Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny giňden toýlaýar. Şu mynasybetli milli we
halkara derejede dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri-de
golaýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Gündogaryň beýik
akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň ýubileýine bagyşlanan halkara ylmy maslahata
gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy.
Saparyň ilkinji
gününde wekiliýetiň agzalary Hywa şäherinde ýerleşýän Şirgazy han medresesine
bardylar. Onuň degişli ýadygärlikler toplumyna, talyplaryň okadylan
hüjrelerine, Magtymgulynyň otagyna syn etdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň we
Özbegistanyň sungat ussatlary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen
aýdymlary ýerine ýetirdiler. Saparyň ikinji gününde Daşkent şäherindäki
Magtymguly Pyragynyň we Alyşir Nowaýynyň heýkellerine gül goýmak dabarasy
boldy. Soňra Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan
bilelikdäki dostluk konserti geçirildi. «Magtymguly Pyragy – türkmen we özbek
halklarynyň umumy mirasy» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çägindäki
medeni çäreler bolsa Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda guraldy.
Türkmenistan bilen
Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ylmy, edebi-medeni gatnaşyklary
ösdürmekde yzygiderli guralýan şeýle forumlar, medeni çäreler möhüm ähmiýete
eýedir.