8-nji iýulda Türkmenistan bilen Türkiýe
Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly
wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ulag
ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň, hususan-da söwda gatnaşyklaryny
kämilleşdirmek üçin ulag geçelgeleriniň we howa ýollarynyň netijeli
ulanylmagynyň wajyplygy barada belläp geçdiler. Ýük daşama ulgamyndaky
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alşyldy.
Şeýle-de taraplar logistika kompaniýalarynyň
ulag geçelgeleriniň ösüşindäki ornuna üns çekdiler. Bilelikdäki taslamanyň –
Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara
üstaşyr-ulag geçelgesiniň meselelerine aýratyn seredildi. Şular ýaly
taslamalaryň sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary, ählumumy durnukly
ösüşi berkitmekdäki orny barada hem bellenip geçildi.