Ozal habar berşimiz ýaly, 25-26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe
Respublikasynda resmi saparda boldy. Saparyň barşynda hormatly Prezidentimiz
bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda
gepleşikler geçirildi. Soňra döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we
biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik
maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz
dostlukly döwletiň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň
sergisi bilen tanyşdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň dowamynda
belent münberden çykyş etdi. Soňra bu
forum iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik düzümleriniň wekilleriniň
gatnaşmagynda dowam etdi. Onda bar bolan kuwwaty we uzak möhletleýin geljegi
göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur
alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň jemleri boýunça türkmen we türk telekeçileriniň arasynda dürli
ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy,
azyk senagaty pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe
resminamalara gol çekildi.
Günüň ikinji ýarymynda «Aksaraý» köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyldy.