6-njy aprelda
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk
hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde
maslahat geçirildi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.
Taraplar
hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa
geçirmek hem-de dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek
bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Wideoaragatnaşyk
arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň
we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Ak Bars» gämigurluşyk
korporasiýasynyň «A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk zawod» paýdarlar jemgyýetiniň
ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda uzak möhletleýin esasda özara
bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden
netijeli peýdalanmak boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
«Ak Bars»
gämigurluşyk korporasiýasynyň «A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk zawod» paýdarlar
jemgyýetiniň wekilleri netijeli gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanmalaryny beýan
edip, gury ýük gämisini gurmak boýunça teklibi aýtdylar, şeýle gämi Hazarda
deňiz gatnawlary üçin tehniki we ykdysady babatda has bähbitli hasap edilýär.
Wideokonferensiýa
şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hem-de «Kazanskiý wertolýotnyý
zawod» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar we
bar bolan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna hem-de hyzmatdaşlygyň
mümkinçiliklerine garadylar.
Mälim bolşy
ýaly, şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara
gol çekdi, oňa laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi «Kazanskiý
wertolýotnyý zawodda» (RF, Tatarystan Respublikasy) öndürilen, häzirki zaman
lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «ANSAT» WE «Mi-17-1W» dikuçarlary
satyn alar.
«Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň hem-de Tatarystanyň «KER-Holding» jogapkärçiligi
çäklendirilen jemgyýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýene bir wideokonferensiýa
geçirdiler. Onda Türkmenabadyň himiýa zawodynda toplumlaýyn dökün önümçiligi
boýunça enjamy gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak hem-de degişli şertnamany
taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere esasy üns berildi.
Şu gezekki wideokonferensiýanyň barşynda täze önümçilik toplumynyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.