milli goshun logo
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
20.01.2023 537 Habarlar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe giň gerimli taslamalary amala aşyrmagyň çäklerindäki bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesi bilen berkidilen hem-de uly geljegi bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen bazarynda iri meşhur kompaniýalaryň üstünlikli hereket edýändigini, şolaryň hatarynda Tatarystanyň «KamAZ”, «Tatneft”, «KER-Holding”, «Kazanskiý wertolýotnyý zawod” we beýlekileriň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda olar biziň ýurdumyzda ýokary hilli tehniki hyzmatlary amala aşyrýarlar diýip, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň olaryň işine mundan beýläk-de zerur goldaw berjekdigini nygtady.

Şeýle hem Tatarystanyň Prezidentiniň Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu saparyň türkmen-tatar dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.