30-njy ýanwarda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet
agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň
arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki
mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun
çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň
döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky
strategik hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda parlament ugry boýunça
netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysynyň
Aşgabada saparynyň hem-de häzirki duşuşygyň bu işlere oňyn itergi berjekdigine
ynam bildirildi.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň
ygtyýarlyk möhletleri şu ýylyň martynda tamamlanýar. Pursatdan peýdalanyp,
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy rus parlamentarilerini ýurdumyzda
geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlaryna halkara synçy hökmünde gatnaşmaga
çagyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy
Döwlet Dumasynyň Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara öz wekilleriniň
gatnaşjakdygyny aýtdy.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň
Döwlet Dumasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş
etdi.