Düýn – 25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Halkara giňişlikde öňe sürülýän netijeli başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem okgunly ösdürilýär. Senagat, energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy.