28-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky
ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi hem-de
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň «Türkmen halysy — türkmeniň
kalby» atly ХХIII mejlisi geçirildi.
Dünýäniň dürli künjeginden gelen wekiliýetleriň köp
bolmagy daşary ýurtlaryň işewür düzümleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen
ýurdumyza we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny
pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny tassyklaýar. Şeýle hem bu
forum täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Foruma
gatnaşýanlaryň hatarynda Russiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden,
Eýrandan, Owganystandan, Özbegistandan we Pakistandan gelen türkmen haly
sungatynyň muşdaklary, iri önüm öndüriji kärhanalaryň, söwda kompaniýalarynyň
ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy-barlag we medeniýet merkezleriniň wekilleri,
alymlar, bilermenler bar.
Türkmen zenanlarynyň zehininden, yhlasyndan döreýän,
gözelligi we kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk halyçylyk sungatynyň
hormatyna tutuş ýurdumyzda ylmy maslahatlar, sergiler guraldy, döredijilik
duşuşyklarydyr bäsleşikler geçirildi. Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli
muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň
binasynda milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden
ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda ýerleşdirilen ak
öýler, halyçylyk ussahanalarynyň şekilleri milli bezeg ýörelgeleri bilen bir
bitewi sazlaşygy emele getirýär.
Türkmen halysynyň baýramynyň dowamynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat halyçylaryň bir toparyna «Türkmenistanyň
at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakyldy.