Düýn – 28-nji
dekabrda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik,
deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tamamlanyp barýan ýylyň türkmen-özbek gatnaşyklarynda möhüm wakalara baý bolandygyny we olaryň halklarymyzyň arasyndaky üýtgewsiz dost-doganlygyň aýdyň beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýetip gelýän 2024-nji ýylda hem ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ozalkylary ýaly okgunly depgine eýe boljakdygyna, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.