11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar
bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän «Şeýh Zaýed»
metjidine baryp gördi. Bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri
hasaplanýar.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Al Şatiýe» köşgüne bardy. Bu ýerde
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň
Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda energetika, ulag
we kommunikasiýalar, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba
hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda, şeýle hem möhüm
taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň
ösdürilýändigi bellenildi.
12-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen
Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň
iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem duşuşygy
boldy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm
ugurlary, şol sanda ýangyç-energetika, nebiti gaýtadan işleýän senagat, maýa
goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine
resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.