milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
05.06.2023 806 Habarlar

3-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew hem-de Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy S.Atageldiýew garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektromobil taksileri we elektrobuslar bilen tanyşdy. Ilki bilen, elektromobilleriň ýangyjyň guýulmagy arkaly däl-de, elektrik energiýasy bilen işledilýändigini bellemek gerek. Ulagyň elektrik zarýad beriji ulgamynyň işleýşiniň barlanylmagy ulag serişdeleriniň ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklady. Bu talaplaryň berjaý edilmelidigi barada türkmen halkynyň Milli Lideri hemişe aýdýar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde ulanyljak elektrobuslaryň, elektromobil taksileriniň şekil taslamalary, olaryň Arkadag şäheriniň çäklerinde hereket etjek ugurlarynyň meýilnamalary bilen tanyşdy. Elektrobuslaryň hereketiniň bir aýlawynyň wagty we barýan ugurlary, beýleki ulag serişdeleri barada maglumatlar berildi. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslaryň we elektromobilleriň duralgasynyň, başlanýan nokadynyň meýilleşdirilýän wagtlaýyn ýer böleginiň baş meýilnamasy hem-de şekil taslamasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna hödürlenildi. Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň binalarynyň we ýollarynyň atlandyrylyşy, san belgileri boýunça şekil taslamalary-da görkezildi.

Soňra şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzdan elektromobili ilkinji bolup synagdan geçirip bermegini haýyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri elektromobili herekete girizip, Akhan şaýoluna tarap ugur aldy.

Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe degişli tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly waka boljak Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmelidigini belledi we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga bermek dabarasyna taýýarlyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda girişilmeginiň wajypdygyny nygtady.