15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran
Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly
söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda netijeli döwletara gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran
gatnaşyklarynyň umumy taryhy-medeni köklere, müňýyllyklara uzap gidýän
däp-dessurlara daýanýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dürli ugurlar
boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ugurlardaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege
hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini
aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz bar bolan mümkinçilikleriň
doly peýdalanylmagy bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki döwletiň we olaryň halklarynyň
abadançylygynyň bähbidine netijeli işleri alyp barmaga taýýardygyny belledi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany iki ýurduň
dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, möhüm ugurlardaky
netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi üçin mundan beýläk-de ähli
tagallalaryň ediljekdigini belledi.