15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon
arkaly söhbetdeşligiň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe
bilen köpugurly we uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň hem-de özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda
türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygy, häzirki wagtda
giň ugurlar boýunça ýokary depginde ösdürilýändigi kanagatlanma bilen
bellenildi.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik
gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde ynanyşmak
hem-de birek-biregi özara goldamak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär.
Türkiýe Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Köp
ýyllaryň dowamynda türk kompaniýalary we işewürleri ýurdumyzda üstünlikli iş
alyp barýarlar. Ylym, bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hem
ýokary derejä eýedir diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow
belledi hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky
gatnaşyklaryň geljekde-de täze ugurlar boýunça ýokary depginde ösdüriljekdigine
ynam bildirdi.