15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan
telefon arkaly söhbetdeşlikde iki halkyň bähbidine laýyk gelýän döwletara
gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda
türkmen-özbek gatnaşyklary giňeldilýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitara
gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, depginli ösdürilýär. Umumy pikire
görä, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar — munuň özi birek-birege
hormat-sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän,
doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň we deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan
Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň bilelikdäki
tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we umumy
bähbitlere laýyklykda, hyzmatdaşlyk ruhunda çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam
bildirdi.