1-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza
sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş
sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşykda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nygtalyşy ýaly, sebitiň howpsuzlyk meseleleri hyzmatdaşlygyň
gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
ÝHHG bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygy beýan
edildi. Aýry-aýry ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna
howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin
şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw
serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň
zerurdygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag
şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl»,
howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna
goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts»
güwänamalarynyň gowşurylmagynyň ekologiýa ulgamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň
işiniň netijelidiginiň ýene-de bir subutnamasyna öwrülendigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda
adam hukuklaryny goramak, demokratiýany ösdürmek, gender deňligini
pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini bellediler. Türkmen
halkynyň Milli Lideri sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek
maksadynda ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýdyp,
hanym Helga Şmide berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri
arzuw etdi.