Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Türkiýe
Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny iberdi.
Gahryman Arkadagymyz uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, onuň giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkiýe Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.