Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň
arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar
boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr»
diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň hatynda bellenilýär.