8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň
Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk
bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň
dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji
sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini
beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, doganlyk
halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen
halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi. Medet beriji sözleriň ynsan
ruhuny götermekde örän ýerliklidigini uzak ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi
diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda şehit
bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda
sadaka beriljekdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap,
aýat-doga okady.