Düýn – 13-nji oktýabrda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly
gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat
ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan
gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem
Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga
bagyşlandy.
Bina galdyrmak, ýol çekmek, köpri
gurmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Şol gadymy
dessurlarymyz häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Serdarymyzyň taryhy
Karara gol çekmegi bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynda iş
alyp barjak potratçylar belli boldy. Döwletimiziň uly ynam bildirmegi bilen,
tüweleme, indi öz oglanlarymyz, öz hünärmenlerimiz ýetişdiler. Olar indi uly
gurluşyklarda taplanyp, iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar diýip,
Gahryman Arkadagymyz buýsanç bilen aýtdy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda
hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gurluşyk işlerini alyp
bararlar. Ýokary hil derejesinde guruljak täze binalar halkymyzyň röwşen
geljegine hyzmat eder.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow türkmen halkynyň «Toý bilen ýas bile geler» diýen atalar sözüni
mysal getirip, ýakynda ýurdumyzda Hatyra gününiň bellenilendigine ünsi çekdi.
Şol gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli
uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanyldy. Biz bu günki
sadakamyzda-da olary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleri okarys. Goý, ähli
öten-geçenlerimiziň ruhlary şat, jaýlary jennet bolsun! diýip, Gahryman
Arkadagymyz aýtdy.