17-nji fewralda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary
Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýalar,
logistika ulgamlarynda, obasenagat toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin
uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen
baglylykda, suw hojalygy, ekologiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
möhümdigi bellenildi.
Däp bolan ynsanperwer ulgamdaky
gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş
ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär diýip, Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
täze, döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak barada birnäçe resminamalara
gol çekendigini belledi. Şeýlelikde, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin
uly mümkinçilikler bar.