Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail
Mişustine doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny
iberdi.
Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky
strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp,
Russiýanyň Premýer-ministriniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi
saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň, işewürlik maslahatynyň
özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm
tapgyra öwrülendigini belledi hem-de hyzmatdaşlygyň dostlugyň we ynanyşmagyň iň
gowy däpleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.