Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,
«Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi»
federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi
Oleg Kononenko bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan dabaralara
gatnaşdy.
Myhman
ählihalk baýramyna çakylyk we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin
tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doglan we önüp-ösen ýurdy bolan Türkmenistana
hemişe uly höwes, tolgunma bilen gelýändigini, şeýle hem özüniň taryhy
Watanynyň gazanýan üstünliklerine, häzirki döwürde onuň bagtyýarlygyň,
abadançylygyň ýurdy hökmündäki derejesine çäksiz buýsanýandygyny aýtdy.
Mähirli
we hoşniýetli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy
älem giňişligini özleşdirmek hem-de onuň kuwwatyny Türkmenistanyň halk hojalyk
toplumynyň, ylym ulgamynyň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin
peýdalanmagyň meseleleri barada aýtdy. Şunda türkmen ýaşlaryny bu ugur boýunça
ýola goýulýan gatnaşyklara çekmegiň, olaryň kosmos ylmyny özleşdirmeklerini
ýola goýmagyň meselelerine üns berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan älem
giňişligini öwrenmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden
ornaşdyrmak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna möhüm üns
berýär. Ýurdumyzda ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy bu
ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine giň ýol açýar.
Oleg
Kononenko Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň kosmosa bolan
gyzyklanmalaryny durmuşa geçirmek, kämil inženerçilik hünärlerini ele almak
barada aýdanlarynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, bu babatda öz tarapyndan
zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. «Dogduk Diýarymyzda taryhy ähmiýeti
bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak meniň üçin uly
hormatdyr» diýip, myhman belledi.
Gahryman
Arkadagymyz we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,
kosmonawt Oleg Kononenko belent sepgitlere tarap bedew bady bilen ynamly gadam
urýan ýurdumyzyň älem giňişligini özleşdirmäge işjeň gatnaşmagynyň ägirt uly
geljeginiň bardygyny bellediler. Munuň özi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň
häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda belent derejeleri
nazarlaýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Oleg Kononenko birek-birege hoşniýetli
arzuwlary aýdyp, meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine
ynam bildirdiler.