18-nji maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Bu
şanly sene mynasybetli paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň ýanynda we Baş
baýdagyň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralara türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
gatnaşdy.
...Ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň
birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň, diplomatik
wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet
işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.
Gahryman Arkadagymyz özygtyýarly Watanymyzyň döwlet
binýatlarynyň, demokratik esaslarynyň we häzirki wagtda mynasyp dowam
etdirilýän köpasyrlyk halk häkimiýetliligi däpleriniň mizemezligini
alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül dessesini goýýar. Soňra dabara
beýleki gatnaşyjylar hem bu bina gül desselerini goýdular.
Konstitusiýa binasynyň öňi al-elwan güller bilen bezeldi.
Munuň özi halkymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjynyň, berkarar
we asuda döwletimizde erkin ýaşaýan, zähmet çekýän ildeşlerimiziň
bagtyýarlygynyň özboluşly nyşany boldy. Konstitusiýa binasyna gül goýmak
dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän
133 metrlik baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdançada dowam etdirildi. Bu ýerde
Türkmenistanyň Baş baýdagy belentde parlaýar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly
ýagdaýda baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül dessesini goýýar. Soňra asylly däbe
eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem bagtyýar durmuşyň nyşany bolan Baş
baýdaga gül desselerini goýýarlar.